Baky bagtymyzyň gözbaşy

25 Sentýabr 2024
369

Türkmen topragyna dolan altyn güýzüň rysgal-berekede beslenen sahawaty desterhanlarymyzyň naz-nygmatyna bolluk paýlap, gözüňi dokundyrýar. Bagtyýar maşgala ojagymyzda giňden ýazylan toý saçagynyň başynda şükürlilik bilen mele-myssyk çöregimizi ýüze sylyşymyza, galkyjaklap duran kalbymyzyň begenç-buýsanjyny ýürege jaýlap, bu eşretli döwür-döwrany arşyň belentligine galyp, wasp etsem diýersiň. Ine, şonda kalbyň arşyň depesinde ganat kaksa-da, özüň guşuçar belentlikden bagta çümüp oturan türkmen topragyna maýyl bolup göz aýlarsyň. Göz aýlarsyň hem-de Alla nazary düşen bu sahawatly topragyň goýnunda gaýrata galyp, iş gaýryp ýören türkmen aganyň uly iliň soltany hasaplaýan bugdaý ekişini, «ak altyny» ak bagtyna deňeýän pagta ýygymyny, her dänesi atyň dişi deý şaly ýetişdirişini, saçaklarymyza süýjülik bolup dolýan gant şugundyryny bakyp-bejerişini synlarsyň, agyp-dönüp ýören mal-garasyna guwanarsyň. Şäher bilen bäsleşýän obalaryna, köşgi-eýwana beslenýän şäherlerine buýsanarsyň. Ýöne seniň synçy nazaryňy özünde eglejek iň esasy zat welin, bu mukaddeslikleri maňlaýyna sylyp, toýly günleriň dowamatyny dowamata sapyp ýören türkmen aganyň bagtyýarlygydyr.

Ine, şol bagtyýarlygy bize mukaddes Garaşsyzlygymyz berdi. Bu günki gün biz onuň 33 ýyllygyny baýram etmek bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlan garaşsyzlygynyň halkymyza beren eşret-sapalaryny, milli gymmatlygymyz hökmündäki belent derejesini tagzym-togap bilen ýüzümize sylýarys. Çünki Garaşsyzlygymyz saý-sebäp bilen asmandan inäýen bir aýratynlyk bolman, eýsem, eždatlarymyzyň kalbynyň töründe saklap, asyrdan-asyra aşyran elýetmez arzuwy. Şol arzuwyň milletimizi wysala ýetiren 33 ýyllyk baýramynyň bellenilip geçilýän ýyly bolan bu ýylymyzyň aýratyn şana beslenmeginiň aňyrsynda ýatan many-mazmun hem hut şonuň üçin juda çuň. Sebäp diýseň, bu ýylyň garaşsyz, özbaşdak döwletli bolmak ýaly beýik düşünjäni öz döredijiliginiň gözbaşyna göteren Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilip geçilýän ýyly bilen gabat gelmeginiň, üç asyr bäri bu merdana milletiň dilleriniň senasyna öwrülen ýurt Garaşsyzlygynyň wysal bolan 33 ýylynyň içinde halkynyň bagtyýarlygyny arşyň depesine göteren beýik ynsanyň, akyldar Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň abraý-mertebesini külli äleme ýaýan Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen bu ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň aňyrsynda hem örän uly pelsepewi mukaddeslik ýatyr. Ol gabat gelme, ol mukaddeslik bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan we paýhas çyragy bolup äleme dolan eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçmek bilen, dünýä halklarynyň parahatçylykly, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, ynsanperwerligiň we adamkärçilik tutumlarynyň beýik simfoniýasy bolup ýüreklere ornaýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mukaddeslik derejesine göterip dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ol simfoniýanyň parahatçylyk sazy bolup dünýä ýaýylmagy ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýär. Munuň anyk mysallaryny uzakdan gözlemek gerek däl. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başyny tutan tutumly işleriniň, taryhy çykyşlarynyň, milli Maksatnamalarynyň we döwletli çözgütleriniň özeninde dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkarar bolmagyna bagyşlanan many-mazmun, dostana goňşuçylyk, ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýaly belent maksat jemlenýär. Ol many-mazmunyň, ol belent maksadyň miwelerini biz türkmen döwletimiziň halkara giňişligindäki abraý mertebesinde, il-ulsumyzyň eşretli ýaşaýşynda, bala-çagalarymyzyň şadyýan oýnap-gülüşlerinde görýäris. Çünki ol many-mazmun, ol belent maksat türkmen Garaşsyzlygynyň gözbaşynda duran umumadamzat gymmatlygydyr.

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
žurnalist.