Geljege gönükdirilen işler

24 Sentýabr 2024
423

Ýaş nesliň sagdyn ösmegini üpjün etmek, olaryň ýol hereketiniň kadalaryny kämil bilmeklerini we köçede özüňi alyp barmagyň düzgünlerine eýermeklerini gazanmak işine ýakyndan gatnaşýarys. Häzirki günlerde guramaçylykly dowam edýän biraýlygyň çäginde bakja-bagymyzda terbiýelenilýän körpeleriň gatnaşmaklarynda bäsleşik guradyk. Bu çäräni guramakda we täsirli geçirmekde bize şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihaty boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Döwran Jumaýew uly goldaw berdi.

Bäsleşikde çagalar ýol hereketiniň kadalary boýunça berlen sowallara jogap berdiler, çatrykdan geçmegiň düzgünlerini oýunlaryň üsti bilen görkezdiler. Olar ýol hereketine degişli aýdymlary ýerine ýetirdiler we goşgulary labyzly okadylar.

Gülälek HOJAMBERDIÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 18-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.