Döwletlilik ýoly

23 Sentýabr 2024
491

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri buýsançly günler bilen baýlaşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistan döwletimiz özüniň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýär. Elbetde, Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde ýurdumyz dünýäniň syýasy giňişliginde ykdysady taýdan okgunly ösýän, durmuş abadançylygyna eýe bolan, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açyk döwlet hökmünde mynasyp orun aldy. Muňa Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Amala aşyrylýan köpugurly işler türkmen döwletiniň beýik ösüşleriniň ýyl ýazgysyna täze şanly seneleri, nurana sahypalary ýazýar. Bular bolsa halkyň bähbidine gönükdirilen strategik döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çözgütleriň kabul edilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzyň özgertmeler ýolunyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini, has giň gerimde ösdürilýändigini görkezýär.

Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz tarapyndan uly ynama eýe bolup, döwlet Baştutany wezipesine saýlanylmagynyň ýokary ähmiýeti barada nygtamak raýatlyk borjumyz hökmünde ýerlikli bolar. Çünki halkymyz hormatly Prezidentimize öz ykbalyny we mähriban Watanymyzyň geljegini ynandy. Munuň özi täze döwlet Baştutanymyzyň uly syýasy abraýyny dünýä ýaýyp, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryny we başlangyçlaryny halkymyzyň dolulygyna goldaýandygyny görkezýär. Geçen iki ýarym ýylyň dowamynda ýurdumyzda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Milli ykdysadyýetimiz durnukly ösýär, durmuş ulgamy kämilleşýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, Watanymyzyň halkara abraýy belende göterilýär. Ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar.

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.