«Netflix» striming platformasy özünde ýerleşdirilen filmleriň we seriallaryň görülen sany baradaky maglumatlary paýlaşdy. Oňa laýyklykda, ýylyň birinji ýarymynda iň köp görlen film «Gyz we aždarha» kinokartinasy bolup, oňa 143 million gezek tomaşa edilipdir. Şeýle-de bu ugurda ikinji orny «Howadaky ogurlyk» (129 million) filmi eýeleýän bolsa, ilkinji üçlügi «Gar jemgyýeti» (103 million) filmi jemläpdir. Seriallaryň arasynda bolsa, birinji orun 107,5 million gezek görülen «Ýeke sapar ýalan gürlän» serialyna degişli.