Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

21 Sentýabr 2024
307

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleriň üpjün edilmegi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi.