Agzybir halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, röwşen geljege ynamly barýar
Şu günler biz agzybir halk, jebis millet hökmünde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň belent ruhunda ýaşaýarys. Garaşsyz ösüşiň pelle-pelle geçilen menzillerine, taryhy tapgyrlaryna ser salýarys. Milli döwletlilik, döwlet Baştutany, halkyň we Watanyň ykbalynyň bitewüligi barada çynlakaý oýlara berilýäris. Garaşsyz ösüşiň şindiki tapgyrynda döwletiň keşigini öz üstüne alan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda asylly ýoluň mynasyp dowam etdirilýändigi, baý tejribelere daýanyp, täze gözýetimleriň açylýandygy bolsa bizi has-da buýsandyrýar.