Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

21 Sentýabr 2024
401

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şunda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýetiň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady berkidildi, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçmegi üpjün edildi we olaryň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyryldy. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli hem halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.