Oba hojalygy: döwrebap tejribeler. giň mümkinçilikler

21 Sentýabr 2024
646

Hormatly Prezidentimiziň oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak boýunça utgaşykly, ylmy esasly döwlet syýasaty halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň hem-de howpsuzlygynyň kepilidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli özgertmeleriniň rowaçlanýandygyny äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýetilýän sepgitleri mübärekläp: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz oba hojalyk pudagynyň işini halkara derejede ösdürmek, ony dünýä ylmynyň gazanan baý tejribesi bilen utgaşdyrmak, türkmen daýhanlarynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan özgertmeleri mundan beýläk-de yzygiderli durmuşa geçireris. Oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleri dowam etdirmek bilen, tohumçylyk işini döwrüň talabyna görä kämilleşdireris» diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylygyny ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işler kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen Türkmenistan azyk bolçulygyny üpjün etmekde belent sepgitlere ýetýär. Ýurdumyz diňe bir azyklyk däl, eýsem, tohumlyk bugdaý ösdürip ýetişdirmekde hem uly üstünlikleri gazanýar. Bu ugurdaky işler halkara derejede ykrarnama eýe bolup, Türkmenistan 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýörite sylagyna mynasyp boldy.

Allaberdi GAPUROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.