Buýsanja beslenýän ýyllar

20 Sentýabr 2024
454

Üstünliklere we rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Şu günler agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolup, milli senenamamyzda müdimilik orun alan Garaşsyzlyk baýramy ähli raýatlarymyzyň kalplaryna egsilmez buýsanç duýgusyny, gözlerine çäksiz guwanç nuruny çaýýar.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp, gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda, kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Gysga taryhy döwürde Watanymyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy, döwrebap obalar, şäherçelerdir şäherler guruldy. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, sport ulgamynda hem giň möçberli taryhy işler durmuşa geçirildi.

Altyntäç ATAÝEWA,
Ahal welaýatynyň Tejen etrap kazyýetiniň kazyýet kätibi.