Milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide öz beýanyny tapdy

20 Sentýabr 2024
515

Täze taryhy döwrümizde milli we dünýä tejribesini öwrenmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň halk hojalygy toplumynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň baş şertidir. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-senagat edarasynyň guramagynda 19 — 21-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň geçirilmegi möhüm wakadyr. Paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan nobatdaky ykdysady gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirip, bu ýerde döwlete dahylly düzümleriň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri öz diwarlyklaryny görkezdiler. Olaryň käbiriniň önümçilik işleri, sergä hödürlän täze önümleri dogrusynda gyzyklanyp, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».