Moto GP boýunça möwsümiň 13-nji ýaryşy San Marino «Gran Prisi» Rimini şäherinde geçirildi. Şäherdäki 4,2 kilometrlik Misano Marko Simonçelliniň adyny göterýän halkara trassasynda geçirilen 27 aýlawdan ybarat ýaryşda «Giresini Ducati» toparynyň ispan sürüjisi Mark Markes ýeňiş gazandy. Ol 9-njy bolup başlan ýaryşyny 42 minut 52,083 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki bassyr 2-nji, karýerasyndaky 61-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy. Iki hepde öň 3 ýyldan soň ilkinji ýeňşini gazanan Mark Markes 2021-nji ýyldan bäri yzly-yzyna 2 ýaryşy birinjilik bilen tamamlamagy başardy.
Ýaryşda «Ducati Lenovo» toparynyň italýan sürüjileri 2-3-nji orunlary eýelediler. Ýeňijiden 3,1 sekunt yza galan Françesko Banaia 2-nji, 5,4 sekunt soň pellehana gelen Enea Bastianini 3-nji orna mynasyp boldy.