Çarwa durmuşy

12 Sentýabr 2024
523

Şäherlerden, galalardan uzakda sähra giňişlikleriniň çar künjeginde ýaşan çarwalar azyk üpjünçiligini argyş usulynda ýola goýupdyrlar. Şu babatda çagalyk müçesinden geçip, jahyllyk müçesine gadam basan döwürlerim ömrüni sährada geçirip, örküni çarwaçylyga baglan, obada sylagly bolan sähra gojasy Gylyç aganyň gürrüňlerinden galan ýatlamalary beýan etmegi makul bildik.

— Ol ýyllar, heniz köne düzgünde gün-güzeran görülýän wagtlary, ot-suw gözleginde bolan çarwalar ondan-oňa göçmeli bolýardy. Golaý-goltumda bazarlar ýokdy. Şu görýän kuwwatly ulaglarymyzam soň-soň peýda boldy. Şol döwrüň ulaglary bolsa düýelerdi. Näme, adam bar ýerinde azyk-suwlugam gerek ahyry. Ine, şonuň üçin pederlerimiz azyk aladasyny, adatça, argyş guramak usulynda berjaý ederdiler. Argyş, düzgün boýunça, ýylda iki gezek, ýaz we güýz gyrkymyndan soň guralardy. Şonuň bilen birlikde özlerinden artykmaç mallaryny bazarlarda satmak üçin sürekçilik däbini hem ulanardylar. Maldarlar deri, ýüň hem ýüňden öndüren ellikdir joraplaryny, dolaklaryny, erişdir keçelerini, haly-palaslaryny bugdaýa, mäşdir şala (tüwi), jöwene, noýba-nohuda, künji ýagyna, erik kişdesine, kişmişe, gawun kakyna başa-baş söwda üsti bilen çalşyp, azyklaryny üpjün ederdiler. El degirmeninde üwelen türkmeniň ak bugdaýynyň unundan petir we hamyrly gömme çörek, toý-şagalaňda saçagyň bezegi bolan pişme, gatlakly, çapady, çelpek ýaly lukmalar bişirilerdi. Jöwenden köje, bugdaýdan ýarma, mäş, palaw ýaly naharlar hem taýýarlanardy. Bular bereketden, bolçulykdan nyşandy. Bu naharlardan köje aşy, adatça, ýaz günleri bişirilerdi. Bişen köjäni gazany bilen, agzyna gamyş gapak ýapyp öýleriň gözeneginde goýlardy. Säher wagty mal yzyndan gitjeklere aýran garylan bir okara köjäni bererdiler, sebäbi köje iýmitleriň içinde ýeňil nahar hasaplansa-da, tä gün öýleden agýança ajykdyrmazdy, suwsatmazdy. Üstesine-de, könelerimiz: «Köje aşy dertleriň hem dermanydyr» diýerdiler. Öýüň gözeneginde gerilgi ýanlyk aýrany sowuk hem tagamyny üýtgetmän saklardy. Bularyň hemmesi çarwa durmuşynda wajyp zatlardy.

Aýdogdy BAÝRAMGELDIÝEW.
«Arkadag».