1 trillion iýen maýa goýlar

8 Sentýabr 2024
365

«Toyota», «Nissan», «Subaru» we «Mazda» ýaly Ýaponiýanyň iri awtokonsernleri 2028-nji ýyla çenli elektromobiller üçin niýetlenilen akkumulýatorlaryň önümçiligine 1 trillion iýen (6,97 milliard amerikan dollary) möçberinde maýa goýmagy maksat edinýärler.

«Yomiuri» neşiriniň ýazmagyna görä, agzalan döwürde maýa goýumlaryň hasabyna ýurtda elektromobiller üçin niýetlenilen akkumulýatorlaryň önümçiligini 50 göterim artdyryp, 120 gigawat sagada ýetirmek meýilleşdirilýär. 2023-nji ýyla çenli bolsa bu görkeziji 150 gigawat sagada çenli ýokarlandyrylar.

Taýýarlan: Nuraly NEPESOW, TDBGI-niň mugallymy.