Ildeşimiz — baş baýragyň eýesi

6 Sentýabr 2024
63

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda kämil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli kitaphanaçylary ýüze çykarmak maksady bilen hünär bäsleşigi yglan edilipdi. Golaýda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda şu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Amangözel Tagandurdyýewa döwlet bäsleşiginde şowly çykyş etdi. Ol bäsleşigiň ähli şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirip, öňe saýlandy we baş baýraga mynasyp boldy. Lebaply kitaphana işgäriniň bäsleşikde ýeňiji bolmagy onuň ýokary hünär ussatlygyndan, ukyp-başarnygyndan habar berýär. Biz ildeşimizi gazanan üstünligi bilen gutlap, oňa geljekde-de gadamlarynyň şowly bolmagyny arzuwlaýarys.

Beýleki habarlar