Ene mähriniň gudraty

5 Sentýabr 2024
707

Türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda «Ene — beýikleri dünýä inderýän beýiklik» diýip belleýär. Hakykatdan-da, üç harpdan ybarat «ENE» sözüniň mazmunynda ymgyr dünýä jemlenýär. Ene — howa! Diýmek, ene — başlangyç! Ene — daragt! Diýmek, ene — dowamat, bagtyýar geljek! Şonuň üçin halkymyz asyrlaryň dowamynda ene hormatyny keramat derejesine göterip, olaryň ruhuna, keşbine tagzym edipdir. Goňurdepäniň, Parfiýanyň taryhy tapyndylary we beýleki arheologiýa maglumatlary bu pikiri aýdyň tassyklaýar.

Dünýä inen çaganyň, ilki bilen, nazarynyň didarlaşýan ýüzi onuň üçin ýerdäki perişdesi bolan mähriban enesidir. Ene hakda, onuň mukaddesligi, gyzgyn mähir-şepagaty, çäksiz söýgüsi hakynda aýdym aýtmadyk bagşy, saz çalmadyk sazanda, goşgy düzmedik şahyr ýok bolsa gerek... Enäniň ady, onuň gözel, mährem keşbi bakydyr, sönmeýän nurdur! Çaga ilkinji mähir-söýgini öz mährem enesinden alýar. Enäniň süýdi ýaly halallygy, hüwdüsi ýaly şirin mukamy, eli ýaly mylaýym melhemi hiç ýerden tapyp bolmajakdygy şübhesiz hakykat. Ene diňe bir adamzat nesliniň gudratyny dowam etdiriji bolman, eýsem, ol maşgala ojagynyň eýesi hem diregidir.

Tyllanur ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.