Täsin ykbally zenanlar

5 Sentýabr 2024
536

Hünäriň haýsy birini alanyňda-da, ol çyn zehini, gaýduwsyzlygy, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, esasan hem, isleg-höwesi talap edýär. Taryhyň gatlaryna ser salanyňda, geçmişde şeýle häsiýetleri özünde jemlän, islendik hünäri özleşdirmekde erkekler bilen deň derejede gadam uran zenanlaryň köp bolandygyna göz ýetirýärsiň. Geliň, olaryň käbirleri hakynda ýatlap geçeliň.

Walentina Serowanyň 25 ýaşynda adamsy ýogalýar. Aleksandr Serow öz döwründe ökde kompozitor bolupdyr. Walentina adamsynyň ýazyp tamamlanmadyk işleriniň üstünde işläp başlaýar. Şeýdip onuň garalama depderçelerinden hem-de ýadynda galan ýatlamalardan «Duşmanyň güýji» operasyny we «Täze ýyldan öň» atly sazyny gaýtadan işläp, gutarýar. Ondan soňra Walentina «Uriel Akosto» atly operasyny ýazýar. Şol döwür bu opera sahna ussatlary tarapyndan teatrlarda ýerine ýetirilip, halkyň söýüp diňleýän eserine öwrülýär. Bu opera eseri zenana şöhrat getirýär. Ol Moskwada Russiýanyň ilkinji zenan kompozitory hökmünde alkyşlanypdyr. Walentina opera eserleriniň bäşisini döredýär. Onuň ýene-de bir arzuwy sazçylyk mekdebini gurmakdy. Şol arzuwy bilen Walentina 1913-nji ýylda Nowgorod oblastynda 500 orunlyk konserwatoriýany we opera zalyny gurdurýar.

Taýýarlan Owadan ALLAÝAROWA,
«Zenan kalby».