Gözellikde göz eglener

4 Sentýabr 2024
493

Güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen bagçylygy ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Bu il-ýurt bähbitli işe ildeşlerimiz agzybirlik we ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde oba-kentlerimiz, şäherçelerimiz gür baglyga bürenýär, gülzarlyga beslenýär. Şeýle möhüm işde aýry-aýry edara-guramalaryň işgärleri köplere nusgalyk görelde görkezýärler.

Munuň şeýledigine welaýat merkezimizde ýerleşýän «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň we oňa ýanaşyk ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat saglygy goraýyş we anyklaýyş merkeziniň daş-töweregine nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Ýanýodalaryň gyralarynda birgeňsi bolup ösüp oturan dürli görnüşli gyrymsy, pürli hem-de ýaprakly bezeg agaçlarynda, owadan güllerde nazaryň eglenýär. Olaryň arasynda senuber, tuýa, güjüm, wirgin arçalary bar. Şol baglygyň arasyndaky ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwüsýän otly meýdançalar bolsa bu gözellige gözellik goşýar. Baglara we otlara wagtly-wagtynda suw berlip, ideg işleriniň göwnejaý ýola goýulmagy netijesinde olar ytygsaman ösýärler, ildeşlerimizde ýakymly duýgulary döredýärler.

Hudaýberen PALEKEÝEW.