Ata-babalarymyzyň gadym wagtlardan bäri «Düýe malym — dünýe malym» diýip belleýşi ýaly, halkymyzyň pirli mallarynyň biri bolan düýäniň durmuşda tutýan orny örän uludyr. Weýisbaba Orta Aziýa halklarynyň arasynda düýäniň piri hasaplanýar. Rowaýatlara görä, Weýisbaba düýäniň ähli syryny bilipdir, adamlara düýedarçylyk bilen meşgullanmagy öwreden belli düýe çopany bolupdyr.
Halkymyzyň arwana düýesi Garagumuň jöwzaly yssy şertlerinde arkaýyn ýaşap bilýär. Tomus aýlary Garagumda howanyň gyzgynlygy örän ýokary derejä baranda-da, düýe ýasy dabanynda arkaýyn gezip ýa-da döşündäki, şeýle-de dyzlaryndaky, goluň çykýan ýerlerindäki we butlaryň tirseklerindäki yssa we sowuga çydamly gaty gabarçaklaryň üstünde arkaýyn çöküp oturyp bilýär. Tabak şekilli tegelek dabanlary ürgün çägede düýäni çägä batyrmaýar. Düýeler suwuň gyt ýerinde ownuk mallaryň iýip bilmeýän iri baldakly otlary bilen, gyrymsy agaçlaryň pürleri bilen ýyl boýy oňňut edip bilýärler. Kökleri ýerasty çuňluklardaky ygally gatlaklara ýetip bilýän ýandak bolsa düýäniň iň oňat görýän höregidir.