Türkmen halky hemişe bilim-ylma aýratyn sarpa goýup, ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary barada uly alada edýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ylmyň döwrebap ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna kämil tehnologiýalar hem-de dünýä ylmynyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ugurlarynyň işi kämil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen barha ilerleýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzda döwrebap mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan döwletimizde ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemrasyna öwürýärler. Olara sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde oňyn mümkinçiliklerden peýdalanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Bu günki ýaş nesil — Diýarymyzyň mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdebiniň talyplary — ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň gülläp ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak ynsanlar. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir.