Tebigat — ylham çeşmesi

28 Awgust 2024
561

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Adamzat hem tebigat biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gözelligiň çeşmesi, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanylýan tebigat müňýyllyklaryň dowamynda öz baýlyklaryny adamlara sahylyk bilen eçilip gelýän genji-hazynadyr. Tebigatda her zadyň öz orny, öz ýeri bar. Howa, suw, Gün, gözel tebigat — bular birigip, ýaşaýşy hem-de özüneçekiji gözelligi emele getirýär.

Bedew bady bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, daş-töweregimiziň gözelliklerini gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak we olary halkymyzyň eşreti üçin ulanmak barada beýik işler alnyp barylýar. Çünki ýurdumyzda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugrudyr.

Aýnagözel ANNANUROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.