Ýokary hilli süýji-kökeler

28 Awgust 2024
628

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz ýurdumyzda ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan telekeçiligi ösdürmek babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi telekeçileriň, hususy kärhanalaryň önümçilik netijeleriniň ýokarlandyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň özümizde has köp öndürilmeginiň üpjün edilmegine, azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Bu babatda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» şeýle bellenilýär: Obalarda, şäherlerde çörek, et we süýt önümlerini öndürýän kiçi kärhanalaryň täzelerini gurmak ýola goýlar. Munuň özi ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmaga we önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer». Öňde goýlan şu wezipelerden ugur alnyp, welaýatymyzyň dürli künjeklerinde şeýle kärhanalaryň ençemesi işe girizildi. Olaryň biri-de Görogly etrabynyň Bedirkent geňeşliginiň Ýylgynly obasynda ýerleşýän «Gaýa» haryt nyşanly hususy kärhanasydyr.