Ösüşleriň ygtybarly kepili

28 Awgust 2024
452

Täze taryhy döwürde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň sanly ulgama geçilmegi bilen has-da berkidilýändigini durmuş aýdyň görkezýär. Şol sebäpli-de ähli pudaklara bu ulgamy giňden ornaşdyrmak üns berilýän esasy ugurlaryň biridir.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgam ösüşleriň ygtybarly kepilidir. Ol milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň we jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň ýokary netijeliligini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem ulgamlary we pudaklary innowasion çemeleşmeler esasynda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler rowaçlyga beslenýär. Sanly ykdysadyýetiň doly ornaşdyrylmagy bolsa, bu işlerde üstünlige ýetmegiň gözbaşydyr. Ýeri gelende aýtsak, sanly ykdysadyýet innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsdeşlige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertidir. Bu ugurda öňde durýan belent wezipeleriň ajaýyp zamanamyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi guwandyryjydyr. Milli ykdysadyýetimiz innowasion esasda ösdürilýär, önümçilige täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň içerki önüminde bu ulgamyň goşandy artdyrylýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýet ýurdumyzyň pudaklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna goşmaça itergi berýär we zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlanmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine ynamly goşulyşmagyny işjeňleşdirip, halkara hyzmatdaşlykda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Maýa BAÝRAMMÄMMEDOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.