Himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, ýylsaýyn belent sepgitlere beslenýär. Gazanylýan ýokary zähmet üstünliklerinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda ýaponiýaly hem-de türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan bina edilen «Garabogazkarbamid» zawodynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Sazlaşykly işleýän bu zawod ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler bilen milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny doly üpjün etmek, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde möhüm orny eýeleýär.
Himiýa senagatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan kärhana 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gaz turbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da beýleki önümçilik düzümleriniň birnäçesini özünde jemleýär. Ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna daýanýan zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň bolsa 660 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.