Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Narhal Haknazarowa başarjaň telekeçileriň hatarynda tanalýar. Onuň önümhanasynda öndürilýän azyk önümleri ilatyň uly isleginden peýdalanýar.
Telekeçi mundan birnäçe ýyl ozal kiçiräk önümhanany açyp, öz önümlerini içerki bazara çykaryp ugrady. Bu ýerde öndürilýän «Hepdelik» haryt nyşanly çörek we çörek önümleriniň, süýji-kökedir peýnir önümleriniň hyrydary barha artyp ugrady. Önümçilige dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen, kämil tehnologiýalara daýanýan enjamlarynyň ornaşdyrylmagy işleriň rowaçlanmagyna ýardam berdi. «Hepdelik» haryt nyşanly önümleriň arasynda ak köke, peýnirli, gaýnadylan, goýaldylan süýtli, bally, dorogly çörek önümleri we dürli tagamly süýjülerdir kökeler, süýtli, ýagly çörekler has uly islegden peýdalanýar. Bu ýerde öndürilýän 32 görnüşli önümiň her biri özüniň datly tagamy, göze gelüwli görnüşi bilen alyjylary özüne çekýär. Şokoladly, bally, maňyzly kökeler, Aý, aýyjyk şekilli keksler bolsa has-da körpeleriň göwünlerine ýaraýar.