Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

27 Awgust 2024
713

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mähriban Watanymyzda ýaýbaňlandyrylýan beýik işler ata-babalarymyzyň halk häkimiýetliligi baradaky başlangyçlaryndan we tagallalaryndan gözbaş alýar. Milli ýörelgelerimizi we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny öz içine alýan halk häkimiýeti ulgamyny döwrebaplaşdyrmak döwletimizi berkarar etmegiň esasy ugrudyr.

Türkmenistan milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär.

Akbibi SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň öwreniji mugallymy.