Okuwa höwes maşgala terbiýesine baglydyr

27 Awgust 2024
576

Täze okuw ýylynyň başlamagyna sanlyja günler galdy. Ilkinji gezek ak mekdebe gadam basjak körpeleriň okuwa taýýarlykly gelmekleri, özleri üçin täze gatnaşyklara çalt uýgunlaşmaklary ene-atalar üçinem, mugallymlar üçinem örän wajypdyr. Çaganyň mekdebe taýynlygy, geljekki durmuşynda üstünlik gazanmagyna mümkinçilik berjek endikleriniň kemala gelmegi, ilki bilen, maşgala terbiýesine baglydyr. Kiçijik adamy terbiýelemekde maşgaladaky ruhy agzybirlik, ene-atalar bilen çaganyň arasyndaky ahlak baglanyşygy esasy orun eýeleýär. Çaga maşgalada ilkinji durmuş tejribesini alýar, ilkinji garaýyşlary kemala gelýär, dürli ýagdaýlarda özüňi nähili alyp barmalydygyny öwrenýär. Çaganyň şahsyýetini ösdürmekde maşgalanyň ornuny hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmaýar. Şahsyýeti kemala getirýän, ösdürýän, çaganyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna goşulyşmagyna, köpçülige uýgunlaşmagyna kömek edýän maşgala terbiýesidir. Ene-atalar, beýleki dogan-garyndaşlar ahlak terbiýesiniň binýadyny goýýarlar, özüňi alyp barmagyň ülňülerini kesgitleýärler, çaganyň şahsyýetiniň özüne mahsus aýratyn häsiýetlerini hem-de içki dünýäsini açýarlar.

Başlangyç synpa barýan okuwçynyň maşgalasynyň öňünde başga biriniň üstüne ýüklenip bolmaýan terbiýeçilik meseleleriniň bir topary durýar. Ene-atalar çaga bilim, başarnyk, köpçülikde özüňi alyp baryş endiklerini bermeli, onda ýokary ahlak kadalaryny we ruhy gymmatlyklary kemala getirmeli. Munuň üçin maşgalada gündelik durmuşy we boş wagtlary dürli-dürli, gyzykly, peýdaly tertipde gurnamaga çalyşmaly, çaga bilen ýakyn, ynamdar aragatnaşykda bolmaly.

Nartäç GAZAKOWA,
Aşgabat şäherindäki 171-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.