Türmenistan baý we täsin ösümlikdir haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Tebigatyň eçilen bu ajaýyp gözelligini gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň esasy aýratynlygydyr. Şu jähetden hem ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamaga yhlas edilýär, tebigaty goramak babatda durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar. Döwletimiziň «ýaşyl syýasaty», şol sanda ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan bag ekmek maksatnamasy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga, biodürlüligi saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Soňky döwürde jemgyýetimizde ekologiýa babatda bilimleriň we ekologiýa medeniýetiniň durmuş ähmiýeti ýokarlanýar, ekologiýa ylmynyň nazary we amaly ugurlary ösdürilýär. Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge we olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak döwrüň öňe sürýän wezipesidir. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem ýaş raýatlarda ekologiýa medeniýetini we daşky gurşawa aýawly garaýşy terbiýelemek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri öňdebaryjy, sanly maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan döwrebap «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Şäheriň birinji tapgyryndaky desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, ýaşyl, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.