Bazarlaryň berekedi

26 Awgust 2024
595

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy gül-gülzarlyga öwürmek, bagy-bossanlyga büremek barada berýän tabşyryklaryny, «Gök guşak» syýasatyny durmuşa geçirmekde Köneürgenç etrabynyň bagbanlary işjeňlik görkezýär. Bagbanlar bagçylyk hojalyklarynda dürli miweli nahallary ekip, olara ideg edip, boýy ýetenlerinden bol hasyl almak üçin bu ugurda yzygiderli tagalla edýärler. Etrabyň ähli hojalyklarynda bagbançylyk bilen meşgullanýan ýer eýeleriniň sany barha artyp, olar bu ugruň tejribeli ussatlaryndan halypalyk maslahatyny soraýarlar. Netijede, yhlaslary ýerine gowşup, ýaşajyk nahallar datly miwesi bihasap agaçlar bolup, gözüňi dokundyrýar. Etrabyň hojalyklarynda ýetişdirilen miweler bazarlarymyzyň berekedine bereket goşup, saçaklarymyzy dürli nygmatlar bilen bezeýär.

Döwletimiziň agrar pudagynyň ösüşlerini ilerletmekde topragyň çyn hossarlaryna döredilip berilýän giň mümkinçilikler olary zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Tejribeli bagbanlaryň göreldesine eýerip, döwrüň ösen tehnika-tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanýan, az ýerden ýokary hasyl we girdeji alýan adamlaryň sany barha artýar. Bu bolsa etrapda agrar ulgamynyň bagçylyk ugrunyň-da giň gerim alýandygyny görkezýär. Etrabyň bagbanlary döwlet Baştutanymyzyň döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bazarlarymyzy dürli miwe önümlerinden doldurýarlar.

Gurbannepes TÄÇMEDOW,
TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri.