Dünýä meşhur myhmanhana

21 Awgust 2024
618

Häzirki wagtda daşky gurşawa aladanyň artýan döwründe ekologiýa taýdan arassa, tebigata zyýansyz desgalary gurmak bilen bir hatarda, öňki ulanyşdan galan ýerleri abadanlaşdyrmak, adam saglygy üçin peýdaly zolaklary döretmek hem esasy meseleleriň biri bolup durýar. Hytaýyň «Inter Continental Shangai Wonderland» myhmanhanasy munuň aýdyň mysalydyr. Bu myhmanhana taşlanan senagat zolagynda guruldy.

Gurluşygy üçin 10 ýyldan köpräk wagt gerek bolan bina 2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda açylýar. Adaty bolmadyk geografik ýerleşişi boýunça bu myhmanhanany gurmak üçin köp kynçylyklara döz gelnipdir. Binagärleriň pikirine görä, bu desga tebigy hadysalara garşy güýçli durup biler. Şanhaýyň dünýä meşhur myhmanhanasy häzirki wagtda deňiz derejesinden 87 metr aşakda ýerleşýändigi sebäpli dünýädäki iň pesde ýerleşen myhmanhana hasaplanýar. Myhmanhanada ýeriň üstünde bary-ýogy 2 gat bar, galan 16 gat bolsa ýeriň astyndadyr, şeýle-de suwuň aşagynda hem 2 gat ýerleşýär. 336 otagly desgada adamlar gaýalara, şaglawuklara syýahat etmek üçin hem ajaýyp mümkinçilikden peýdalanýarlar. Binanyň içki we daşky dizaýn gurluşynda hytaý pelsepesinden ugur alnypdyr. Gurluş aýratynlygy bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän myhmanhana gelýän myhmanlaryň sany ýylsaýyn artýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.