Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Mary welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Murgap önümçilik birleşiginiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän önümhanasynyň agzybir işgärleri Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak üçin joşgunly zähmet çekýärler. Ady agzalan birleşigiň işeňňir adamlarynyň 14-sini özünde jemleýän önümhananyň işçi-hünärmenleri telekeçilerdir daýhanlardan, içerki bazarlardan amatly nyrhlardan satyn alynýan pomidor, hyýar ýaly gök önümleri, miweleri aýna gaplara gaplap, ilatyň gaplama önümlerine bolan ösen islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.
— Önümhanamyzyň işgärleriniň hemmesi öz işine ussat, işeňňir adamlar. Olardan Begenç Saryýewiň, Oguljemal Gutjaýewanyň, Güljeren Hotjyýewanyň adyny ilkinjileriň hatarynda agzasym gelýär. Bu işçiler göreldeli zähmet çekmek bilen, birleşigimizde halypa-şägirtlik ýörelgesiniň nusga alarlyk derejede dowam etmegine-de özleriniň gowy täsirlerini ýetirýärler — diýip, birleşigiň önümçilik boýunça hünärmeni Begenç Pendigulyýew gürrüň berýär.