Ylym-bilim mümkinçilikleri milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi, döwletiň kuwwatynyň we gülläp ösmeginiň, dünýädäki abraýynyň ýokarlanmagynyň binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr. Döwletimiziň ylmy-tehniki gazananlary, bilim hem-de innowasiýalar, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak ýoly ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň, ähli ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanmagyň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde baky Bitarap Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmagyň girewi bolup hyzmat edýär.
Mälim bolşy ýaly, binýatlaýyn we amaly ylymlaryň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşi gazanmagyň, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylym-bilim ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen Türkmenistanda häzirki döwürde alnyp barylýan işler bu babatda nusgalyk mysaldyr.