Seljuklaryň binagärlik mekdebi: täze tapyndylar, gadymy nyşanlar

20 Awgust 2024
674

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary arheologik barlaglaryň ýazky möwsüminde Şähryslamda, Şährihaýbar galasynda we Paryzdepe ýadygärliginde iş alyp bardylar. Bu ýadygärlikleriň medeni gatlaklarynda saklanyp galan gadymy ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalaryň birnäçesiniň üsti açyldy. Keramikadan we daşdan ýasalan nepis gap-çanaklaryň, metaldan, aýnadan ýasalan dürli önümleriň nusgalary tapyldy. Bu ýerden tapylan, seýrek gabat gelýän, sekizburçluk görnüşli, häzirki Döwlet tugramyzyň şekilini ýatladýan bezeg önümlerini ýasamak üçin galyplar uly ylmy ähmiýete eýedir.

Gadymy döwürde sekizburçluk şekili bolelin ýaşaýşyň, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany hasaplanypdyr. Sekizburçluk, sekiz burçly ýyldyzyň şekili Beýik Seljuk türkmen döwletiniň jemgyýetçilik durmuşynda, medeniýetinde, sungatynda hem uly orun eýeläpdir. Mälim bolşy ýaly, seljuk-türkmen serkerdeleri Çagry beg we Togrul beg 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşinde ýeňiş gazanyp, döwlet döredenlerinde, baş nyşanlaryň biri hökmünde iki kelleli bürgüdiň şekilini alyp, ony sekizburçlugyň içinde ýerleşdiripdirler.

Akmyrat BABAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty.