Toý sowgatlary saldamly bolar

19 Awgust 2024
498

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna beslenen şu ýylyň ýedi aýyny üstünlikli jemlediler. Edaranyň işçi-hünärmenleri häzirki tomus günlerinde tebigy gazy ulanyjylary «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün etmek bilen birlikde, etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz ulgamlaryny düýpli abatlap, gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda hem giň göwrümli işleri alyp barýarlar. Bu ugurdaky işler bilen ýakyndan tanyşmak maksadynda edaranyň Gubadag şäherinde ýerleşýän ülşüniň gazçylarynyň gündelik durmuşa geçirýän maksada okgunly işleri bilen tanyşdyk.

Ülşüň işçi-hünärmenleri tarapyndan häzirki wagtda Gubadag şäherinde we oňa ýanaşyk obalarda dürli basyşly gaz geçirijileriň 1 müň 400 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy hem-de paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-den gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilýär. Munuň özi şäher ilatynyň we ýerli ýaşaýjylaryň ýylyň islendik döwründe tebigy gazyň eşretli hözirini görüp ýaşamagyny şertlendirýär. Biz munuň şeýledigine etrabyň Abadanlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy Arazbaý Omarow bilen söhbetdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik.

Dädebaý NARTYÝEW,
«Nebit-gaz».