FRANSUZ YKDYSADYÝETINIŇ STRATEGIK PUDAKLARY

19 Awgust 2024
458

Söýginiň, gözelligiň, aşhana sungatynyň, modanyň ösen merkezi hökmünde bilinýän Fransiýa bu günki gün ösen ykdysadyýeti bilen dünýä döwletleriniň arasynda öňe saýlanýar. Şunda ýurduň daşary söwda dolanyşygyna aýratyn orun degişlidir. Çünki eksport, import amallarynyň gymmady ýurduň jemi içerki önüminiň 73,3 göterimini emele getirýär. Halkara Pul Gaznasynyň hasabatyna görä, Fransiýa 2023-nji ýylda adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça (44,408 amerikan dollary) dünýäde 23-nji döwlet boldy. Şeýle hem Fransiýanyň paýtagty Pariž «Fortune Global 500» sanawyna girizilen kompaniýalarynyň sany boýunça Ýewropanyň 1-nji, dünýäniň 3-nji öňdebaryjy global şäheridir. Muňa garamazdan, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda ýurduň ykdysady işjeňliginiň ep-esli pese düşmeginiň netijesinde, 2024-nji ýylda ýurduň ýyllyk ösüş depgininiň bary-ýogy 0,7 göterime deň bolmagyna, 2025-nji ýylda bolsa, biraz ýokarlanyp, 1,3 göterime ýetmegine garaşylýar. Syýahatçylyk, önümçilik, dokma senagaty, awtomobil we tehnologiýa pudagy Fransiýanyň milli ykdysadyýeti bilen bir hatarda, dünýä ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm orun eýeleýär.

2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde Fransiýanyň eksporty 149 milliard ýewro, importy bolsa 175 milliard ýewro deň boldy. Bu görkezijiler 2022-nji ýylyň degişli döwründe, degişlilikde, 152 we 149 milliard ýewro deň bolupdy. Geçen ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Fransiýa daşarky bazarlara himiýa önümlerini, awtoulaglary we ätiýaçlyk şaýlaryny, tirkegleri, azyk harytlaryny eksport etdi. Şol sanda bu ýere beýleki ýurtlardan awtoulaglar, uglewodorod, kompýuter we enjamlary, elektronika we optika harytlary getirildi. Fransiýanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň hatarynda, esasan, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň, Belgiýanyň, Ispaniýanyň, Hytaýyň atlary getirilýär.

Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».