Hormata mynasyp halypa

16 Awgust 2024
448

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäniň hem-de sportuň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek babatda halypa tälimçileriň üstüne hem uly jogapkärçilik düşýär.

Uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti bilen tanalýan, şeýle hem sportuň küşt görnüşi boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ýaryşlarda yzygiderli baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny belende galdyrýan tälimçileriň biri-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçi-mugallymy Ahmet Odeýewdir. Halypa indi köp ýyllardan bäri ýaşlara küştüň inçe tilsimlerini öwredýär.

Patyşaguly HUDAÝBERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.