Häzirki zamanyň ykdysady ösüşini nebitgaz toplumyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Diýarymyz bolsa ýangyç-energetika babatda bu gün dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda tanalýar. Bu pudagy täze belentliklere göterýän giň gerimli işler halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny nygtamak bilen, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmek, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli nebit önümlerini taýýarlamak babatda belent wezipeleri kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak ugrunda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginde hem döwrebap işler bitirilýär. Müdirlik we onuň ýerlerdäki düzümleri tarapyndan içerki bazary nebit önümleri we harytlyk ýaglar bilen ygtybarly üpjün etmek üçin uly tagalla edilýär. Kärhana nebit önümlerini we harytlyk ýaglary sarp edijilere nebit bazalarynda lomaý, ulaglara ýangyç guýujy beketlerde bolsa bölekleýin ýetirmegi ygtybarly ýola goýýar. Muňa müdirligiň Gyzylarbat nebit önümleri kärhanasynda amala aşyrylýan döwrebap işler hem doly güwä geçýär.