Mälim bolşy ýaly, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy. Bu awtomobil sportunyň türgenleridir janköýerleri üçin ýakymly waka boldy. Biz hem bu wakanyň şaýatlarynyň biri, merkeziň ýolbaşçysy, polisiýanyň maýory Rüstem BEGENJOWYŇ ýürek sözüni okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
— Rüstem, biz öz okaýan, işleýän, ýaşaýan ýerimize Gahryman Arkadagymyzyň gelmegine hemişe-de garaşýarys. Eziz Arkadagymyza durmuşa geçiren-u alyp barýan işlerimizdir üstünliklerimiz dogrusynda gürrüň bermek arzyly arzuwlarymyzyň hatarynda dur. Size-de şol bagt miýesser etdi. Arzyly Ynsanyň duýdansyz gelmeginiň hem-de siziň bilen söhbetdeş bolmagynyň sizde galdyran täsirleri dogrusynda aýdyp beräýseňiz?!