Hywa sülgüni

14 Awgust 2024
736

Hywa sülgüni ýurdumyzyň demirgazyk çäklerinde, ýagny Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan guşdur. Ol Amyderýanyň aşak akymlarynda, şonuň ýaly-da, «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda gabat gelýän endemik guş hasap edilýär. Geçirilen barlaglarda onuň gyş döwründe igde agajynyň has köp ýerlerinde, ýaz-tomus döwürlerinde jeňňelliklerde toplanýandygy anyklanyldy.

Sülgüniň bu görnüşiniň mäkiýany we horazy hemişelik jübüt bolup ýaşaýar. Horaz sülgünler mart aýynda özboluşly sesi bilen saýrap başlaýarlar. Aprel-maý aýlarynda mäkiýan sülgünler ýumurtga goýýarlar. Soň bolsa belli bir wagt olary basyp, jüýje çykarýarlar. Aradan üç aý çemesi wagt geçip, jüýjeler uçurym bolýarlar.