Işewürler dünýä bazarynda

14 Awgust 2024
540

Soňky ýyllarda lebaply telekeçileriň eksporta ugradýan önümleriniň möçberi yzygiderli artýar. Ýylsaýyn bu görkezijileriň artmagy işewürleriň işleriniň oňunadygyny görkezýär.

Ýurdumyzda eksport ugrunyň ösdürilmegine uly üns berilmegi ýöne ýerden däldir. Eksport islendik ykdysadyýetiň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Hususyýetçiler eksport ugrunda aýratyn möhüm orna eýedirler. Biziň ýurdumyzdan eksporta ugradylan harytlaryň arasynda izogam, suwuk bitum mastikasy, polipropilen haltalar, akkumulýator batareýalary, geýim-gejimlik nah ýüplük, senagat garyndy suwuklygy agdyklyk edýär. Welaýatymyzyň telekeçileriniň öndüren önümleri, esasan, Özbegistan, Türkiýe, Belarus, Owganystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Hytaý döwletlerine iberilýär. Iň köp girdeji getiren harytlaryň hatarynda gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan izogamyň durýandygyny hem belläp geçeliň. Senagat harytlaryny öndürýän kiçi kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, hususy telekeçileriň 16-sy daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýup, dünýä bazarlaryndaky orunlaryny ynamly berkidýärler. Telekeçilik işleri üçin amatly şertleriň giňemegi bilen önümleriň bolçulygy has-da artýar, bu bolsa, öz gezeginde, eksportuň ýene-de ösmegine daýanç bolýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy ýerleşdirilen önümler dünýä bazarynda döwletimiziň abraý-mertebesini beýgeldýär. Telekeçiligiň ösdürilmegi ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna has işjeň goşulyşmagyny hem üpjün edýär.

Mährem ALLANAZAROW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.