Nur paýlaýan desgada

14 Awgust 2024
498

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz dünýäniň kuwwatly, okgunly ösýän döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkidýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan taryhy işleriň özeninde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak esasy maksat bolup durýar. Şunda milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan energetika senagatynda gazanylýan üstünlikler aýratyn ähmiýete eýedir. Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň işgärleri bu buýsançly hakykata oňat düşünmek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda 1 milliard 331 million k/Wt sagat elektrik energiýasyny öndürmegi maksat edinýärler. 

Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiziň oýlanyşykly başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy taryh üçin örän gysga döwür içinde Hazaryň türkmen kenarynyň bezegine, dünýäniň şypahana-syýahatçylyk ulgamynyň merjenine öwrüldi. Milli syýahatçylyk zolagynda döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň owadan hatarlary ýylsaýyn artýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlan Awaza döwlet elektrik stansiýasy hem 2010-njy ýylda dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Onda jemi kuwwatlylygy 254,2 megawata deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Gaz turbinalarynyň zerur halatynda dizel ýangyjynda işläp bilmegi olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».