Gulan

13 Awgust 2024
699

Gulan, täktoýnaklylar toparyna, gylýallar maşgalasyna degişlidir. Bu jandaryň meýdan alamatlary barada gysgaça beýan etsek, daşky keşbi işeňňir ýaba meňzeş bolup, onuň bedeniniň uzynlygy 206-240 santimetre çenli, agramy 200-350 kilograma çenli bolýar. Onuň sütüginiň tomusky reňki açyk çägepisint-sarymtyl bolýar, garnynyň we göwresiniň gapdallarynyň aşagy, aýaklarynyň iç ýüzi, artky butlary we üstki bölekleri, kellesiniň, boýnunyň aşak tarapy, tumşugynyň ujy ak reňklidir. Gulanyň ylgaw tizligi sagatda 60 kilometre çenli bolýar.

Öňki döwürde, ýagny XX asyryň ortalarynda gulanlar diňe Bathyzda gabat gelýärdiler. Häzirki döwürde olar Sarygamyş çöketliginde, Günbatar Köpetdagda, Aşgabadyň günorta-gündogar eteginde, Mäne-Çäçe düzlüginde hem duş gelýärler. Gulanlaryň esasy ýaşaýan ýerleri dykyz we çägesöw toprakly çöllükler we ýarym çöllükler hem-de dag etekleriniň beýikli-pesli ýerleridir. Olar daglyk we dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmagy halamaýarlar. Dürli otjumak ösümlikler, agaçlaryň ýapraklary gulanlaryň esasy iýmitidir.

Hudaýberdi IŞANÝAZOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň başlygy.