Awaza — dostluk mekany

13 Awgust 2024
641

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary netijesinde gojaman Hazaryň türkmen kenary gysga taryhy döwrüň içinde düýpgöter özgerdi. Bu gözel künjekde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilip, onuň durmuş düzüminiň yzygiderli ösdürilmegi, ösen halkara ölçeglerine kybap gelýän dynç alyş-şypahana ulgamynyň giňeldilmegi bilen deňiz kenary jenneti mekana öwrüldi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup ulanmaga berlen desgalaryň sany bu gün juda kän. Olaryň arasynda kaşaň myhmanhanalaryň, sagaldyş merkezleriniň, sport we kottejler toplumlarynyň, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriň we şypahana-syýahatçylyk ugurlaryna mahsus beýleki düzümleýin desgalaryň bolmagy ýokary derejede dynç almaga, saglygy berkitmäge ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

Nurjahan JANMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 18-nji çagalar bakja-bagynyň logoped mugallymy.