Tebigatyň tämizligi — durmuşyň gözelligi

8 Awgust 2024
750

Güneşli Diýarymyzda ajaýyp tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini gorap saklamak babatda oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň täsin tebigy gözellikleriniň döwrebap ösüşi bilen utgaşyp gidýän ýerleriniň biri-de Hazar deňzi sebitidir. Hazar deňziniň kenarlaryny syýahatçylyk, dynç alyş merkezine öwürmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Deňiz kenarynda oturdylan we barha gürelýän agaç nahallary deňziň gözelligine görk goşýar, howany has-da arassalaýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Hazar deňziniň arassalygyny goramak, şypaly, jana melhem suwuny ylmy taýdan öwrenmek işleri alnyp barylýar. Hazar deňzi bütin dünýäde ajaýyp tebigy suw howdany bolup, suw bioserişdeleri we uglewodorod çig-mal serişdeleri onuň esasy baýlyklarydyr.

Hazar deňzi onuň kenarlarynda ýaşaýan halklaryň umumy baýlygydyr. Şu aýratynlygy nazara almak bilen, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, bu täsin tebigy suw howdanynyň biodürlüligini gorap saklamak, baýlyklaryny rejeli peýdalanmak kenarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda ýurdumyz esasy hyzmatdaşlary, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan gatnaşyk etmek arkaly Hazar deňzindäki bar bolan we ýüze çykyp biläýjek ekologik meseleleri çözmekde täze usullary teklip edýär. Döwletimiz BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy Konwensiýalaryny tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolmak bilen, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologik gaznasy we beýleki ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem döwletimiziň Hazar ekologik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek gerek. Hazar deňziniň, hususan-da, onuň ekologiýa meseleleriniň çözgüdi, köplenç, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna baglydyr. Häzirki wagtda halkara ylalaşyklarynda we şertnamalarynda göz öňünde tutulan ekologiýa meselelerine barha uly üns berilýär. Hazar deňziniň daşky gurşawynyň, ekologiýasynyň goraglylygyny üpjün etmek Hazarýaka döwletleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa Hazarýaka döwletleri tarapyndan 2003-nji ýylyň noýabrynda gol çekildi. Bu Konwensiýa Hazarýaka döwletleriň ählisiniň parlamentleri tarapyndan 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda tassyklanylan badyna güýje girdi. BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň başlangyjy esasynda şol gün Hazaryň halkara güni diýlip resmi taýdan yglan edildi. Şondan bäri,  bu sene Hazarýaka ýurtlarynyň ählisi tarapyndan bellenilýär. Hazar deňziniň türkmen böleginde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň işini utgaşdyrmak, Hazar deňzi boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara topar döredildi. Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly Konwensiýasynyň güýje giren güni, beýleki Hazarýaka döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem giňden bellenilýär.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.