San­ly ul­ga­myň hu­kuk bin­ýa­dy

8 Awgust 2024
642

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmegiň esasynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmagyň Meýilnamasynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. 

Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalaryny öndürmekde çalt depginler bilen gazanylýan ösüşler aragatnaşyk torlaryny taslamagy we gurnamaga bildirilýän talaplaryň gaýtadan seljerilmegini hem-de kämilleşdirilmegini talap edýär. Sebäbi sanly ulgamyň ähli pudaklarda giňden omaşdyrylmagy torda geçirilýän möhüm maglumatlaryň goraglylygyny hem-de ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegini talap edýär.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty.