Irki döwründe anyklananda...

7 Awgust 2024
526

Ýokanç däl kesellere degişli bolan süýjüli diabetiň 2-nji tipi dünýäde iň ýaýran keselleriň biridir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, 2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli aralykda tutuş dünýäde süýjüli diabet anyklanan syrkawlaryň sany 38 milliona çenli artyp, 463 milliona ýetdi. 2045-nji ýyla çenli olaryň sanynyň 700 milliona ýetmegine garaşylýar. Kontinentler boýunça alnanda bu görkeziji 2030-njy ýyla çenli Ýewropada 22%, Günorta Aziýada 69%, Afrikada 90%-e ýokarlanar diýlip, çak edilýär. Diabetiň halkara federasiýasynyň maglumatlary dünýäde 20-79 ýaş aralygyndaky süýjükeselli näsaglaryň sanynyň 2021-nji ýylda 537 milliondan geçendigini görkezýär. Bilermenleriň pikirine laýyklykda, ýylda täze ýüze çykarylan süýjükeselli näsaglar beýleki keseller anyklanan ähli syrkawlaryň 10%-ini emele getirýär. Olaryň sanynyň her 10-15 ýyldan takmynan 2 esse köpelýändigini hasabat maglumatlary habar berýär. Ösen ýurtlarda süýjüli diabet keseline duçar bolan adamlaryň ABŞ-da, Italiýada, Ysraýylda has köp bolup, Fransiýada, Gresiýada, Ýaponiýada azdygyny hasabat maglumatlary tassyklaýar. Ylmy barlaglaryň netijesi, şeýle hem, süýjükeselli näsaglaryň ömrüniň adatça 5-10 ýyla çenli gysgalýandygyny görkezýär. Bu görkezijiler süýjüli diabetiň örän agyr keseldigini, onuň öňüni almagyň, dörän ýagdaýlarynda bolsa tiz anyklanylyp, bejerilmeginiň ynsan saglygyny goramakda, onuň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny görkezýär.

süýjüli diabetiň 2-nji tipi uzak wagtlap gizlin geçip, köp ýyllaryň dowamynda açyk-aýdyň alamatlar bilen ýüze çykmaýar. Sebäbi, adatça öňüni alyş barlaglarynda süýjüli diabeti anyklamagyň esasy görkezijisi hökmünde ganyň glýukoza barlagynyň netijesine seredilýär. Gandaky glýukoza bolsa entek bu keseliň bardygyny görkezýän derejede ýokarlanmaýar. Käte bu görkezijiniň ýokarlanmagy bilen keseliň kesgidini takyk goýmak mümkin bolan wagtyň arasynda 10-12 ýyl (käte şondanam köp wagt) geçýär. Bu döwürde süýjüli diabetiň gaýra üzülmeleriniň (hususan-da, damar zeperlenmeleri) ýüze çykmak ähtimallygy ýokarlanýar. Munuň özi süýjükeselli näsaglaryň 20%-inden gowragynda keseliň kesgidiniň takyk goýulýan wagtynda bir ýa-da birnäçe damar gaýra üzülmeleriniň hem ýüze çykarylmagyna sebäp bolýar. Keseliň diňe özüne mahsus bolan alamatlarynyň ýüze çykýan (entek gaýra üzülmeler ýok bolan) wagtynda lukmana ýüz tutan syrkawlar süýjüli diabete duçar bolan näsaglaryň 30%-ini emele getirýär.

Mämmetberdi ELÝASOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň lukmançylyk ylymlary bölüminiň müdiri, alym-kätip, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar