Bedeniňde ýod ýeterlikmi?

7 Awgust 2024
565

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň tireoidologiýa bölüminiň endokrinolog lukmany Bahar Awlesenowa habarçymyzyň haýyşy bilen saglyk üçin iň möhüm mikroelementleriň biri bolan ýod barada gürrüň berýär.

Ýoduň esasy funksiýasy bedendäki alyş-çalyş hadysalarynyň aglabasyny dolandyrýan, ähli beden ulgamlarynyň işine gatnaşýan maddany — galkan şekilli mäziň tireoid (triýodtironin we tiroksin) gormonyny öndürýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu gormonyň 65%-niň ýoddan durýandygy mälimdir. Bedende ýoduň ýetmezçilik etmegi gormonlaryň işlenilip çykarylmagynyň peselmegine hem-de munuň netijesinde gipotireoz keseliniň döremegine getirýär. Ýoduň ýetmezçiligi mundan başga-da, ýürek-damar, süňk, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň näsazlyklarynyň, semizligiň, nerw bozulmalarynyň, fiziki we akyl taýdan ösüşde yzda galmanyň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Ýod bilen üpjünçiligiň görkezijileri kadadakydan sähelçe peselende-de muny açyk görkezýän alamatlar peýda bolýar.

«Saglyk».
Beýleki habarlar