Çagalaryň limfa düwünleri dürli sebäplere görä ulalyp bilýär. Esasy sebäp bolsa, çaganyň bedeninde gaýnaglama hadysasynyň ýüze çykmagydyr. Mysal üçin, ýokarky dem alyş ýollarynyň (basyk, farangit, tonzillit) we agyz boşlugynyň gaýnaglama hadysasy (stomatit, gingiwit). Bu hadysalar, aýratyn-da, boýun limfa düwünleriniň ulalmagyna getirýär.
Limfa düwünleriniň şular ýaly sebäpler boýunça ulalmagyna «reaktiw görnüşli» diýilýär, ýagny beden gaýnaglama hadysasyna limfa düwünleriniň ulalmagy arkaly jogap berýär. Antibakterial bejergi geçirilenden we ýokançlaryň ojaklarynyň arassalanmagyndan soň bu limfa düwünleri kiçelýär.