Melhemler mekany bolan türkmen topragynda tebigatyň döreden şypaly kölleriniň hatarynda Mollagara köli hem giňden tanalýar. Häzirki wagtda bu kölüň boýunda adybir şypahana hereket edýär. Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Mollagara» şypahanasyna tebigy şertleri, mineral suwy üçin dürli ýaşdaky raýatlarymyz tarapyndan uly isleg bildirilýär. Bu günki günde döwrüň iň kämil tehnologiýalarynyň we lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, şypahana gelýän raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmek üçin döwrebap şertleriň döredilýändiginiň görkezijisidir.
Irki döwürlerden bäri Balkan welaýaty özüniň täsin tebigaty bilen köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Sebitiň täsinlikleriniň biri hem Mollagara kölüdir. Kölüň esasy aýratynlygy başga bir ýerden gelip guýýan hiç hili akabasynyň ýoklugyna garamazdan, eýsem, tutuş ýylyň dowamynda belli bir derejede saklanýanlygydyr. Onuň ýokary derejede minerallaşan şor suwy hlorly, natrili, magnili suwlara degişlidir. Düzüminde köp mukdarda himiki elementleriň, birleşmeleriň, mikroelementleriň bolmagy şypaly suwuň melhemlik häsiýetini ýokarlandyrýar. Ýene bir täsin tarapy, bu köle giren adamyň suwuň ýüzünde saklanyp, onuň düýbüne asla çökmeýänligidir. Kölüň diňe bir şor suwy däl, eýsem, gyrmançaly palçygynyň hem bejerijilik häsiýeti bar. Gyrmançaly palçygy hem birnäçe usulda, has takygy, beden agzalaryna ýapgy görnüşinde ulanylýar.