Rahat uky

6 Awgust 2024
493

Uzakly günki argynlykdan soň, düşege tizräk geçesiň, hiç zady duýmanam uka gidesiň gelýär. Ýöne ýorgana gireniň bilen birbada uklap bolaýanok. Bir, iki, üç sagat geçýär. Şonda-da göze uky gelenok. Kähalat derman-däriniň güýji bilen hem zordan uklanýar. Ertesi irden weli, kadaly rahatlyk duýaňok. Bu köplere tanyş ýagdaý bolsa gerek. Haçanda adam gaty ýadanda, aladaly, howsalaly bolanda şeýleräk ýagdaý ýüze çykýar. Eger bu ýygy-ýygydan gaýtalanyberse, onda biz ukusyzlykdan zeýrenýäris. Ýöne uky üçin iň ýönekeýje kadalary ýerine ýetirmeýändigimiz hakda pikir hem etmeýäris.

Ilki bilen nähili şertde ýatýandygyňyza üns beriň. Siziň uklamagyňyza päsgel berýän zat içeriniň dymyk, yssy, agras howasy bolmagy mümkin. Ýorganyňyzyň agyr düşýän bolmagy-da ahmal. Sebäbi agyr hem galyň ýorgan howanyň kadaly aýlanmagyna päsgel berýär.

Orazgül ÖWEZOWA,
Ak bugdaý etrap hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar