Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

6 Awgust 2024
740

Halkara ylmy jemgyýetçiligi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan maglumat eýýamy hökmünde häsiýetlendirilýän zamanada islendik ugurda öňegidişlik gazanmak üçin sanly ulgamyň mümkinçilikleri uly ähmiýete eýedir. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we täzeçil çözgütleriň önümçilige, söwda we hyzmatlar ulgamyna ornaşdyrylmagy ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak üçin ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri döredýär. Tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi bilen, olardan netijeli peýdalanmagy başarýan hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipä öwrülýär. Döwür bilen deň gadam urup, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin durmuşyň we önümçiligiň ähli ugurlaryna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen birlikde, innowasion ulgamlardan baş çykarýan hem-de olary yzygiderli kämilleşdirmäge ymtylýan hünärmenler zerurdyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak maksady bilen, bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär. Sanly bilim ulgamy innowasion tehnologiýalary bilim we terbiýeçilik işinde giňden peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Sanly tehnologiýalar maglumatlary toplamak, gaýtadan işlemek, geçirmek we saklamak bilen baglanyşykly amallary hil, howpsuzlyk, ýeňillik taýdan täze derejä çykarýar.

Musa ÝAZYMOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.